JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: 16-njy iýunyň duşuşyklary

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda toparlarda birinji duşuşyklar tamamlandy. Nobat 2-nji duşuşyklarda.

Şu gün “A” toparynda 2 duşuşyk hem-de “B” toparynda hem 1 duşuşyk geçiriler.

SAGAT 18:00   “B” TOPARY:  FINLÝANDIÝA – RUSSIÝA

Bu duşuşyk Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde oýnalar. Ilkinji duşuşygynda Belgiýadan 3:0 hasabynda ýeňlen Russiýanyň milli ýygyndysy ýaryşa dowam etmek üçin bu duşuşykda ýeňiş gazanmagy gerek. Ýewropa çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýan Finlýandiýanyň ýygyndysy hem ilkinji duşuşygynda Daniýanyň güýçli düzümini 1:0 hasabynda ýeňmegi başarypdy.

SAGAT 21:00   “A” TOPARY: TÜRKIÝE – UELS

Azerbaýjanyň Baku şäherinde oýnaljak duşuşyk her iki topar üçin hem möhümdir. Esasan hem Türkiýäniň ýygyndysy üçin. Sebäbi Türkiýäniň ýygyndysy ilkinji oýnunda Italiýadan 3:0 hasabynda ýeňlipdi.

Garet Beýlli Uels bolsa Şweýsariýa bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdy.

SAGAT 00:00  “A” TOPARY: ITALIÝA – ŞWEÝSARIÝA

Italiýanyň Rim şäherinde geçiriljek duşuşykda Italiýanyň ýygyndysy ýeňiş gazanan halatynda ikinji tapgyra gatnaşmaga doly hukuk gazanar.

 

Ýewro-2020: dünýä çempiony ýeňiş bilen başlady

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar