Ýerden we ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy barada maglumat

Ýerden peýdalanmak hukugy haçan ýüze çykýar?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä, 2004-nji ýylyň 1- nji noýabryndan herekete girizilen “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 32-nji maddasyna laýyklykda, ýerden peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şu aşakdaky halatlarda ýüze çykýar:

– ýerler peýdalanmaga berlende;

– ýerden peýdalanmak hukugy başga birine geçirilende;

– ýerden peýdalanmak hukugy miras düşerlik tertibinde geçende;

– raýat-hukuk geleşikleri baglaşylanda;

– Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslarda.

 Ýerden peýdalanmak hukugynyň berilmegi, başga birine geçirilmegi we bu hukugyň geçmegi ýerleriň maksatly niýetlenilişini hasaba almak bilen amala aşyrylmalydyr.

Ýer bölekleri hususy eýeçilige haýsy maksatlar üçin berilýär?

Bu soragyň jogabyna bolsa şol resmi websaýtda, 2004-nji ýylyň 1-nji noýabryndan herekete girizilen “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, ýer bölekleri Türkmenistanyň raýatlaryna şu aşakdaky maksatlar üçin hususy eýeçilige berlip bilner:

– oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri;

– şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy;

– oba hojalyk önümini öndürmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgütlerine laýyklykda – daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň, öň uzak möhletli kärende şertlerinde peýdalanylýan ýerlerinden diýip jogap berilýär.

 

Ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek şertnamasynyň üýtgedilmegi barada maglumat