TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Ýeňilmezek Rokki 75 ýaşady

Diňe bir dollar bilen meşhur boldy. Silwester Stallone birnäçe günüň dowamynda ýazan “Rokki” filminiň ssenariýasy üçin bary-ýogy 1 dollar aldy. Häzirki wagtda meşhur amerikaly aktýor, režissýor, ssenariýasy 75 ýaşady.

1976-njy ýylda Rokki Balbao atly boks ýyldyzynyň taryhyny oýlap tapdy. Silwester Stallone bu filmiň ssenariýasyny taýýarlady. Kino prodýuserler ssenariýa üçin 350 müň dollar hödürlediler. Hödürlenen pul möçberinden boýun towlan Stallone bu filmde baş keşpde özüniň bolmagyny isledi. Stallone 1975-nji ýylyň 24-nji martynda geçirilen Muhammed Ali bilen Çak Uepneriň arasyndaky boks tutluşygyndan soňra 3 günüň dowamynda “Rokki” filiminiň ssenariýasyny ýazyp tamamlaýar.

Netijede, bu film iň gowy film hökmünde “Oskar” baýragyna eýe boldy. Silwester Stallone erjelligi we yhlasy bilen üstünlik gazandy.

Stallone özüni ssenariýasyny ýazyp, özi hem şol kinoda surata düşýän az sanly golliwud aktýorlaryndan biridir. Ol uruşly kinolary köpräk saýlap alyp, bu filmlerde özi ýaly weteran aktýorlar bilen surata düşdi.

Silwester Stallone 1946-njy ýylyň 6-njy iýulynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde dünýä indi. Kakasy Italiýadna göçüp gelen emirgant bolandygy üçin Stalloneniň ýaşlyk ýyllary Nýu-Ýorkuň italýan ýaşaýyş toplumynda geçýär. Kakasy şol ýerde dellekçi bolup işleýär.

Ol kino durmuşyndan 50-den gowrak filmlerde surata düşdi. “Rokki” hem-de “Rembo” ýaly filmleri bilen uly üstünlik gazandy.

Ol köp ýyllardan bäri, Silwester Stallone Angliýanyň “Ewerton” futbol klubynyň janköýeridir.

Onuň dürli döwürler durmuş guran aýallaryndan 2 ogly we 3 gyzy bar.

 

BMG Türkmenistana hemişelik utgaşdyryjy belledi

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Teswirle