TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

BMG Türkmenistana hemişelik utgaşdyryjy belledi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş, kabul edilýän döwletiň razylygy bilen ukrainaly Dmitriý Şlapaçenkony Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine belledi. Ol öz wezipesine 5-nji iýulda başlaýar. Bu barada BMG-niň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu wakanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyryň ýurdumyza amala aşyran saparynyň möhleti bilen gabat glemegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine her iki tarapyň hem uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Jenap Şlapaçenko diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlygy, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylygy gurmak we strategiki meýilnamalaşdyrmak ugurlary boýunça 25 ýyldan gowrak tejribä eýedir.

Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň düzüminde dürli wezipelerde, şeýle hem, Yrakda, Kosowada, Nýu-Ýorkda, Somalide, Täjigistanda we Wenada ýolbaşçy wezipelerde işledi.

Onuň halkara žurnalistikasy boýunça bakalawr hem-de magistr derejeleri bar. Şeýle hem Dmitriý Şlapaçenko Kiýew unierrsitetinde halkara gatnaşyklar boýunça doktorlyk derejesini gazandy. Mundan başga-da, onuň Wengriýanyň Budapeşt şäherindäki Merkezi Ýewropa uniwersitetinde syýasy bilimler boýunça magistr, Beýik Britaniýanyň London ykdysady mekdebinide halkara gatnaşyklar boýunça magistr derejsi bardyr.

Şeýle hem ol ABŞ-daky Demirgazyk Karolina ştatyndaky Duýk uniwersitetinde döwlet syýastay we halkara žurnalistika boýunça tejribe okuwlaryny geçdi.

BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesini mundan ozal Ýelena Panowa alyp bardy we ol wezipesini 2020-nji ýylyň dekabrynda tamamlady. Şondan bäri ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi bolup barýardy.

 

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle