TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Ýene-de hemra uçuryş merkezini gurar

Hytaý Halk Respublikasy soňky ýyllarda kosmos ýaryşynda öňki orunlara mynasyp bolup, özüniň täze taslamalary esasynda iň uly bäsdeşi hasaplanylýan ABŞ bilen bäsdeşligini güýçlendirmek isleýär. Soňky maglumatlara görä, Hytaý 2021-2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji ösüş meýilnamasynyň çäginde Çžesýan welaýatynyň Ninbo şäherinde 3 milliard dollarlyk maýa goýum bilen täze hemra uçuryş merkezini gurar. Täze merkez ýurtda bäşinji hemra uçuryş merkezi hökmünde hasaba alynar. Uçuryş merkezi takmynan 67 kwadrat kilometr meýdançada gurlar. “Şiangşan” diýlip atlandyrylýan hemra merkezinden her ýylda 100 hemrany uçurmak meýilleşdirilýär. Bu hemra uçuryş merkezi täjirçilik awiasiýa amallary üçin ulanylar. Hytaý geçen ýyl jemi 39 sany hemrany, bu ýyl bolsa 40 sanysyny uçurypdyr. Geljek ýyllarda bolsa 1.000 gowrak hemrany uçurmak meýilleşdirýärler.

 

Pekin – milliarderleriň paýtagty

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle