Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti hyzmatdaşlary bilen bilelikde gysga metražly filmleri döretmek boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.
Filmiň temasy ÝB-niň gymmatlyklaryna laýyk gelmelidir, ýagny olar “ýaşyl” hereketi, sosial integrasiýa ýaly ugurlary öňe sürmekden ybaratdyr.
Filmiň wagty 15 minutdan uzak bolmaly däldir. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutmagyň möhleti 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli dowam edýär.
ÝB-niň wekiliýeti filmleri uly göwrümli köpçülige görkezip, olaryň arasyndan üç sany tapawutlanan işi saýlar. Soň, saýlanan işler 2023-nji ýylda Brýusselde (Belgiýa) her ýyl geçirilýän “Nowruz” kinofestiwalynda görkeziler.
Şeýle-de bu ýewropaly tomaşaçylara Türkmenistanda kino önümçiligini tanyşdyrmak üçin uly mümkinçilik bolup durýar.
Türkmenistanyň Garagalpagystandaky wakalar boýunça beýanaty