BIZNES

ÝB näçe mukdarda doňdurma öndürdi?

Ýewropanyň Statistika edarasynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginde takmynan 3 milliard litr doňdurma öndürildi.

Bu görkeziji gaty uly, ýöne ol hem 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, 9 göterim azdyr. Pandemiýa döwrüne garamazdan, Ýewropanyň doňdurma öndüriji kompaniýalarynyň önümçiligi ýokary. Gurama agza ýurtlaryň Ýewropanyň çäginden daşyna 752 million ýewro möçberinde 232 million kilogram doňdurma eksport etdi.

Ýewropa Bileleşiginde esasy doňdurma öndüriji ýurdy Germaniýadyr. Bu ýurtda 640 million litr doňdurma öndürildi. Soňra iň köp öndürijileriň sanawynda Fransiýa bilen Italiýa gelýär.

Germaniýanyň doňdurmalary arzan bahasy bilen hem tapawutlanýar. Onuň bir litriniň bahasy 1 ýewro 30 ýewrosentdir. Italiýa bilen Fransiýada doňdurmanyň 1 litriniň bahasy 2 ýewro deňdir.

Fransiýa daşary ýurt bazaryna iň köp doňdurma eksport ediji bolup durýar. ÝB-niň ähli eksportunyň dörtden bir bölegi Fransiýanyň paýyna düşýär.

“Unilever” kompaniýasynyň soňky hasabatyna görä, “Magnum” we “Ben and Jerry’s” ýaly doňdurma markalarynyň söwdasy yzygiderli ýokarlanýar.

Şeýle doňdurma markalarynyň söwdasy Türkiýe, Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlarda hem okgunly ösüşe eýe bolýar.

 

 

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 9 aýda jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy

Rus nebitiniň Özbegistana iberilýän möçberi artdy

“Türk Howaýollary” Bişkekden Şanhaýa oba hojalyk önümlerini daşar

Aşgabat-Seul hyzmatdaşlygy: göni gatnawlar we täze taslamalar

Türkmenistan OTIF guramasynyň Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy

Türkiýeden 154,7 million dollarlyk kofe eksporty