PEÝDALY MASLAHAT

Ýaprak sarmasy

Gerekli zatlar

1 kg üzüm ýapragy

3 käse tüwi (mukdary köpeldilip ýa-da azaldylyp bilner)

3 sany ortaça ululykda sogan

4-5 sany sarymsak

2 sany pomidor (konserwirlenen pomidordan kiçijik banka )

1 nahar çemçesi pomidor goýaltmasy

Gara burç

limon poroşogy

narpyz

zeýtun ýagy

ýag

duz

Taýýarlanylyşy:

Dogramaly önümleri ownuk kesişdirip, ähli maddalary garmaly. Ýapraklary gaýnag suwa salyň we biraz wagt goýuň. Ýapraklary dolamak üçin ýumşak derejä ýetende, süzgüçde süzüp alyň. Damarly bölegini içine tarapynda galan ýaly edip, ýapraga taýýarlanan garyndylary içine goýup, ýapragy dolamaly. Ony gaty ýumşak ýa-da gaty berk dolamaň. Gazanyň düýbüne 3-4 ýaprak goýuň we dolanan ýapraklary gapdallygyna ýerleşdirip goýuň. Ýapragyň açylmazlygy üçin olaryň arasynda hiç hili boş ýer goýmaň.

Gazanyňyza ýaýramaz ýaly dolanan ýapraklaryň üstüne tabak goýuň. Ýeterlik mukdarda gaýnag suw goşup, pes otda bişirmeli.

 

Ýaýla çorbasy

Related posts

Maýyplygy bolan adamlara nähili ýeňillikler berilýär?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkiye ve Türkmenistan arasında Tercüme Köprüsü

Dr.Döwran Orazgylyjov

Iş döwri we oňa degişli bolýan döwürler barada peýdaly maslahat

Ata Watan Eserleri