17-nji sentýabr güni Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Suwanose adasynda wulkan atyldy. Bu hakda Ýaponiýanyň Milli Meteorologiýa Dolandyryş maglumatlaryna salgylanyp,TASS habar berýär.
Kraterden 1 kilometr radiusda wulkan jynslarynyň atylmagy hasaba alyndy. Seýsmologlar adada wulkan hereketiniň dowam etmek ähtimallygy barada duýduryş berýärler.
Şol sebäpli etrapda 5 ballyk şkaladaky howpuň üçünji derejesi yglan edilendir. Bu bolsa häzirki wagtda ada azyndan 2 kilometr aralyga çenli ýakynlaşyp bolmaýandygyny aňladýar.
Iň ýakyn oba adadan 4 kilometr uzakda ýerleşendir. Bu ýerde 80 töweregi adam ýaşaýar.