DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda aýdylýar.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn türkmen-ýapon özara hereketletiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine bolan saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, iýuldaky saparyň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar taraplaryň bank-maliýe, ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky özara hereketletini öz içine alýandyr.

New Ýorka gitmezden, iňlis dilini öwrenmek mümkin!

Related posts

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy