DÜNÝÄ

Ýaponiýa Owganystana ynsanperwer kömegini berer

Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Fumio Kisida Owganystana takmynan 190 million dollar möçberinde ynsanperwer kömeginiň beriljekdigini mälim etdi.

Bu barada Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Fumio Kisida onlaýn tertipde geçirilen “G20” sammitiniň çäklerinde eden çykyşynda belläp geçdi.

Bu maliýe serişdeleriniň şu ýylyň ahyryna çenli halkara guramalarynyň üsti bilen Owganystana gowşuryljakdygyny mälim eden Kisida, maksadynyň owgan halkynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmegi üçin kömek etmekden ybaratdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Türkmenistan bilen Türkiýe sebit hyzmatdaşlygyny giňelder

Jo Baýden Germaniýada we Angolada saparda bolar