SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýaponiýa Afrika sanjym berýär

Ýaponiýanyň hökümeti Afrikanyň 5 ýurduna koronawirus ýokanjyna garşy 2.2 million doza möçberinde sanjym ibermegi göz öňünde tutýar. Ýapon hökümeti “AstraZeneca” britan-şwed kompaniýasynyň sanjymyny Afrika ýurtlaryna muzdsuz berer.

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýosimasa Haýasi bu barada metbugat ýygnagynda habar berdi.

– Biz “AstraZeneca” kompaniýasynyň öndürýän sanjymynyň 2,2 million dozasyny Gana, Keniýa, Malawi, Nigeriýa we Kamerun ýaly ýurtlara bereris. Bu ugurda degişli goruň üpjün edilmegi bilen sanjymlaryň üpjünçiligi amala aşyrylar – diýip, ministr belledi.

Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň berýan maglumatyna görä, Ýaponiýanyň sanjym mätäçligi çekýän ýurtlara iberen sanjym dozasynyň möçberi 42 million doza ýeter.

Geçen ýylyň 15-nji dekabrynda Ýaponiýanyň hökümeti koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde pes girdejili ýurtlara goldaw bermek babatda Bütindünýä bankynyň düzümine girýän Halkara Ösüş assosiasiýasynyň hasabyna 376.7 milliard ýen (3.4 milliard dollar) möçberinde maliýe serişdelerini bermegi öz üstüne alypdy.

 

Täjigistan Türkmenistan bilen gol çekilen ylalaşygy tassyklady

Ýene-de okaň

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Täze ýylyň ilkinji çagalary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaga dogluşynyň ösüşi

Özbegistanda Täze ýylyň ilkinji gününde 1815 çaga dünýä indi

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar