BIZNES

Täjigistan Türkmenistan bilen gol çekilen ylalaşygy tassyklady

Täjigistanyň deputatlary Türkmenistan bilen gol çekilen demirýol gatnawlary baradaky ylalaşygy tassykladylar. Bu barada Täjigistanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu tassyklanan resminama bilen Täjigistan bilen Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz porty demirýol arkaly birleşdiriler.

Täjik deputatlarynyň bellemegine görä, bu ylalaşyk iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder.

Täjigistan bu ylalaşyk esasynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz porty arkaly Ýewropa aralaşmaga mümkinçilik alar.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Täjigistanyň Ulag ministrliginiň, Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň hem-de “Täjik demirýollary” edarasynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy üçin teklipler taýýarlamagy tabşyrypdy.

Täjigistan ulag we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär. Geljekde Täjigistan Türkmenbaşy deňiz porty arkaly harytlaryny eksport etmegi meýilleşdirýär.

 

Türkiýäniň uniwersitetleriniň uçurymlary üçin baýrakly meýilnama

Related posts

Amul-Hazar 2018 rallisi start aldı

vepa

Hytaýyň Merkezi Aziýa gönükdiren maýa goýumy 15 mlrd $

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Germaniýanyň söwda dolanyşygy 305 million dollara deň boldy