“Yahoo” satylýar

“Verizon” kompaniýasy “AOL” we “Yahoo” markalaryny özünde jemleýän mediýa toparyny “Apollo Global Management” atly maýa goýum kompaniýasyna 5 milliard dollara satmagy meýilleşdirýär.

Bu barada berlen beýanatda, “Verizon” kompaniýasynyň  ýokarda agzalanan kompaniýadaky paýnamalarynyň 10 göterimine eýeçilik eder. “Verizon” -yň adynyň “Yahoo” adyna üýtgediljekdigi we satuwdan soň  “Yahoo” we “AOL” markalaryna degişli “TechCrunch”, “Yahoo Finans” we “Engadget” ýaly onlaýn media markalarynyň “Apollo” kompaniýasyna degişli ediljekdigi mälim edildi.

“Verizon” 2015-nji ýylda “AOL” markasyny 4,4 milliard dollara satyn alan bolsa, 2017-nji ýylda bolsa, “Yahoo”-ny 4,5 milliard dollara satyn alypdy.

 

Dünýäniň iň baý adamy aýaly bilen aýrylyşýar