TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” kompaniýasyndan elektrik ulagy

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi “Xiaomi” kompaniýasy elektrikli awtonom hereketlendiriji tehnologiýasyny güýçlendirmek üçin maýa goýum goýdy. “Mi” telefonlary bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanan kompaniýa elektrikli ulag öünmçiligini hem ýola goýýar.

Bu ulaglaryň awtonom hereket etmegi üçin  77 million dollar maýa goýup, “Deepmotion” firmasyny satyn aldy.

Mälim bolşy ýaly, ozal “Xiaomi” kompaniýasy awtonom hereketlendiriji tehnologiýasy üçin ýakyn 10 ýylda 10 milliard dollar maýa goýmak kararyna gelendigini mälim edipdi.

Awtonom we elektrik awtoulag bazaryndaky bäsdeşlik barha artýar. Bu ugurdaky täze maýa goýumlaryny yglan eden “Xiaomi” edil özi ýaly, köp ugurda işleýän köp sanly kompaniýa bilen bäsleşýär.

“Tesla”, “Xpeng”, “Nio”, “Baidu” we “Huawei” ýaly kompaniýalar hem bu bäsleşikde artykmaçlyk gazanmaga synanyşýarlar.

“Xiaomi”-niň ikinji çärýekdäki girdeji görkezijileri geçen ýyl bilen deňeşdirilende 64 göterim ýokarlap, 13,5 milliard dollara ýetdi. “Xiaomi” -niň girdejisiniň 67,3 göterimi kompaniýanyň smartfon satuwyndan gelýär.

 

At-bedew hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi