www.trade.com.tm – söwda platformasy ýola goýuldy

Türkmenistanda dürli iş ugurlaryndaky kompaniýalaryň, telekeçileriň we senagatçylaryň öndürýän önümlerini hem-de ýerine ýetirýän hyzmatlaryny giň gerimli halk köpçüligine hödürleýän www.trade.com.tm – söwda platformasy ýola goýuldy.

Söwda platformasynyň Marketing bölüminiň müdiri Gurban Seýidowyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtymyza beren maglumatlaryna görä, web saýt ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky kärhanalary we olar baradaky maglumatlary aňsatlyk bilen tapmaga, olar bilen aragatnaşygy çalt hem-de aňsatlyk bilen ýola goýmaga ýardam berýär. Şeýle hem, platforma kompaniýalaryň önümdir-hyzmatlaryny türkmen, türk, iňlis we rus dillerinde daşary ýurtlardaky müşderilere mahabatlandyrylan maglumatlar bilen tanatýar.

Bu platforma agzalara şahsy otagyna girip, islendik wagtda kompaniýalara degişli maglumatlary, suratlary özleri tarapyndan täzeläp durmaga mümkinçilik berýär. Müşderiler adresler, telefon belgiler şeýle-de e-mail poçta arkaly göniden-göni ýerleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bilen habarlaşyp bilerler. Kompaniýalary has içgin mahabatlandyrýan www.trade.com.tm web saýty sarp edijileriň (ulanyjylaryň) hem özlerine gerek bolan önümlerini, hyzmatlaryny tiz we aňsatlyk bilen tapmaga ýardam berýär hem-de ähli taraplaryň islegini kanagatlandyrýar. Onuň mobil goşundysy “Google Play” we “App Store” platformalarynda hem elýeterlidir.

Aňsat ulanyşa eýe bolan www.trade.com.tm, web saýty bolmadyk ýa-da internet giňişliginde az tanalýan kompaniýalaryň hem ulanyjylar tarapyndan giňden tanalmaklaryny ýola goýar. Kompaniýalar www.trade.com.tm üsti bilen ulanyjylara duýduryşlaryny we täzeliklerini yzygiderli ýetirip bilerler.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynda öz işine başlan TM TRADE söwda platformasy ýurdumyzdaky kompaniýalary iş ugry boýunça saýlamazdan, tapawutlandyrmazdan ählisini bir ýere jemleýän we olar bilen aragatnaşygy ýola goýýan internet söwda nokadydyr.

TM TRADE websaýty we onuň müşderiler üçin alyp barýan hyzmatlary barada web saýtyň ulanyjylarynyň we agzalarynyň olar baradaky pikirleri örän möhümdir. Ähli pikirler we teklipler boýunça +99324322050+99362068181 telefon belgiler we info@trade.com.tm e-mail adresiniň üsti bilen olara ýetirilip bilner.

 

25 ýyldan bäri Merkezi Aziýa oba hojalyk önümlerini eksport edýär

 



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar