TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

25 ýyldan bäri Merkezi Aziýa oba hojalyk önümlerini eksport edýär

Eýran Yslam Respublikasy 25 ýyldan bäri Merkezi Aziýa ýurtlaryna oba hojalyk önümlerini eksport edýär. Bu barada “IRNA” habarlar gullugy habar berýär.

Eýranyň ygtyýarly wekilleriniň berýän beýanatyna görä, ýurduň oba hojalyk önümleri Sarahs gümrük terminaly arkaly 25 ýyldan bäri Merkezi Aziýanyň 5 ýurduna eksport edilýär.

Sarahs gümrük nokadynyň ýolbaşçysy Habibolla Heýdari oba hojalyk önümleriniň demirýol we awtomobil terminallary arkaly iberilýändigini belledi.

Heýdari eýranyň senenama ýylyň başyndna bäri (21-nji mart, 2021) Eýran 4750 tonna ýeralmany Sarahs gümrük nokadyndan Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine eksport etdi.

Eýranyň oba hojalyk önümleri Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Gazagystan ýaly döwletlere 1996-njy ýyldan bäri eksport edilýär.

Şeýle hem Demirgazyk Horosan welaýatynyň Lotfabad Dargaz gümrük nokadynyň baş müdiri Mohammad-Ali Bageri geçen ýylyň 9 aýynda şu gümrük nokadyndan Türkmenistana 122 müň tonna ýeralma eksport edildi.

Mundan başga-da, Bageri alma, mandarin, apelsin we burç degişli hasabat döwründe iň köp eksport edilen oba hojalyk önümleri bolandygyny belledi.

Eýran Sarahs we Loftabad gümrük nokatlaryndan Merkezi Aziýa 437 müň 612 tonna haryt eksport etdi.

 

Ýaponiýa mart aýyna çenli daşary ýurtlulara ýapyk bolar

Ýene-de okaň

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

«Sanly TIR» ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe duşuşygy

Uçar kerosini, polietilen we tehniki kükürt islegden peýdalandy

Teswirle