TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Wise-premýer S.Berdimuhamedow Özbegistanda saparda bolar

Şu gün hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we iş duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Eýran Yslam Respublikasynda iş saparynda bolupdy.

Şeýle hem bu saparyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde gol çekilen käbir ylalaşyklar hem tassyklandy.

 

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistana gelýär

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýada saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Teswirle

object(WP_Error)#25089 (3) { ["errors"]=> array(1) { ["missing_post"]=> array(1) { [0]=> string(23) "No such post for ID = 1" } } ["error_data"]=> array(0) { } ["additional_data":protected]=> array(0) { } }