TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistana gelýär

Owganystanyň daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada “Ria Nowosti” habarlar gullugy Owganystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp berýär.

Owgan wekiliýetiniň Türkmenistandaky saparynyň çäklerinde söwda, energetika we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi barada gepleşikler geçiriler.

– Türkmenistanyň çakylygy boýunça gelýän owgan wekiliýeti türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn söwda, energetika, demirýol we TOPH gaz geçirijisi taslamasy babatda gepleşikler geçirer” – diýlip, habarlar gullugynyň habarynda bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Owganystanda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýet agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar, oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary Möwlewi Sader Azan bilen duşuşyklary gurnaldy.

 

 

Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler

 

Ýene-de okaň

Türkiýe Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurar

Teswirle