TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler

Ýakyn wagtda owgan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary bilen galan ýedi ylalaşyga gol çeker diýip, TOLOnews owgan telekompaniýasy Owganystanyň DIM-niň beýanatyna salgylanyp habar berýär.

“turkmengaz.gov.tm” neşirinde hem ýerleşdirilen bu habara görä, «DIM-de ýakyn wagtda TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlar bilen TOPH gaz geçirijisi boýunça galan ýedi ylalaşyga gol çekiljekdigini habar berdiler» diýip, TOLOnews ýazýar.

Telekompaniýa şeýle hem Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň strategik barlaglar boýunça direktory Waliul Şahiniň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan TOPH taslamasy boýunça Owganystanyň paýyny karzyna töläp berer.

«Bu mesele babatda aýdylanda, biz çykdajylary töläp bilmegimiz üçin Türkmenistan Owganystana karz berer, Owganystan bolsa, geljekde taslamadan aljak girdejilerinden bergisini yzyna gaýtarar diýip gürleşdik» – diýip TOLOnews Şahiniň sözlerini getirýär.

TOLOnews-yň bellemegine görä, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 16 sany resminama bolup, şolardan 9-syna Owganystanyň öňki Hökümeti ýykylýança gol çekildi, galan 7-sine bolsa ýakyn wagtda gol çekiler.

Şol bir wagtda Owganystanyň Maliýe ministrliginde bellemeklerine görä, täze maliýe ýylynda TOPH taslamasyna býujet bölünip berler.

Ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr gaza barabar bolan TOPH magistral gaz geçirijisi Türkmenistanyň günortasyndaky «Galkynyş» gaz käninden başlap, Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üstünden, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň günbataryndaky Fazilka şäherine baryp ýeter.

Taslamany «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumy durmuşa geçirýär, «Türkmengaz» döwlet konserni onuň lideri bolup durýar. Konsorsiuma şeýle hem Owgan gaz korporasiýasy, Pakistanyň “Inter State Gas Systems (Private) Limited” we Hindistanyň “GAIL” kompaniýalary girýär.

 

Uzynada meýdançasynyň nebit gory 5 million tonna

Ýene-de okaň

Türkiýe Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurar

Teswirle