“US Open”: 18 ýaşly türgen çempion boldy

Tennis sportunyň iň abraýly hem-de möwsümiň iň soňky uly ýaryşy hasaplanýan “US Open” (Amerika Açyk) ýaryşynda 18 ýaşy britaniýaly Emma Radukanu zenanlaryň arasynda çempion boldy.

Dünýäniň tennisçileriniň hatarynda 150-nji orunda durýan Emma Radukanu “Uly tuwulga” ýaryşlarynda rus türgen Mariýa Şarapowadan soňra çempion bolan iň ýaş türgen boldy. Mariýa Şarapowa 17 ýaşynda şeýle uly ýaryşda ýeňiji bolupdy.

Emma Radukanu final duşuşygynda 73-nji orunda durýan Leýla Fernandesi ýeňdi. Radukanu 1977-nji ýyldan soňra “Uly tuwulga” ýaryşynda çempion bolan ilkinji iňlis zenan türgen boldy.

Şeýle hem Emma Radukanu saýlama tapgyryndan gelip, “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji bolan ilkinji tennis türgeni boldy.

Entek uly tennis ýaryşlarynda onçakly köp tejribesi bolmadyk Radukanu WTA ýaryşlarynda 2021-nji ýylyň iýunynda çykyş edip başlady we 3 aýdan soňra “Uly” tuwulga ýaryşynda ýeňij boldy.

Kakasy rumyn, ejesi hytaýly bolan Emma Radukanu sport bilermenleri tarapyndan täze tennis ýyldyzy hasaplanýar. Ony bu gazanan uly ýeňşi bilen şa zenany Ýelizaweta II hem gutlady.

Emma Radukanu WTA sanawynda 150-nji orundan bu gazanan ýeňşi bilen 23-nji basgançaga çykdy.

12-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

ÝENE-DE OKAŇ

ABŞ-nyň Kaliforniýa Riwersaýd uniwersitetiniň alymlary tarapyndan durmuşa geçirilen täze taslama arkaly koronowirus pandemiýasynyň iýilýän waksinasy öndüriler. Ylym we saglyk dünýäsine uly täzelik bolup girjek bu taslamanyň awtorlary waksinany käbir ösümliklerden taýýarlaýar. Uniwersitetiniň professory Huan Pablo Giraldonyň aýtmagyna görä, taslama netijeli tamamlansa, ýekeje ösümlik bir adamy keselden goramak üçin ýeterlik bolar. Taslamanyň özeninde «Pfizer-BioNTech» we «Moderna» waksinalarynyň düzüm gurluşy bolar. Esasy ösümlik...
Her ýylyň 23-nji sentýabrynda “Halkara üm arkaly gürleşmek güni” dünýäde giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 2017-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä kerler federasiýasynyň (World Federation of the Deaf, WFD), Halkara üm arkaly gürleşmegiň dili (International Day of Sign Languages) baradaky kabul eden kararyndan alyp gaýdýar. Şondan soňra her ýyl Ýer ýüzünde  bellenilip geçilýär. Bu...
21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli köpugurly sergi guraldy. Oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet böleginiň düzümleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň,  “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň,  Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we beýleki ulgamlarynyň, hususy pudagynyň wekilleri, şeýle-de,  Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýokary derejede...
Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar