JEMGYÝET

Uruş weteranlary pul baýraklary bilen sylaglanar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Beýik Watançylyk urşundan gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynda pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplarynyň häkimliklerine 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.

ÝEŇIŞ GÜNÜNIŇ DABARALARY AGŞAM GEÇIRILER

Şeýle hem Ministrler Kabinetiň mejlisinde milli Liderimiz 9-njy maýda uly baýramyň Ýeňiş gününiň bellenip geçiljekdigine ünsi çekdi. Şu ýylyň bu şanly senäniň Oraza aýyna gabat gelýändigi üçin hormatly Prezidentimiz ähli dabaraly çäreleri 9-njy maýda agşam geçirmegi teklip etdi. Şol gün Bekrewedäki ýädygarlikler toplumyna gül goýlar. Soňra bolsa, sadaka berip, uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzyň ählisi ýatlanylar.

Oraza baýramy mynasybetli dynç alyş

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti ŞGH-niň sammiti üçin Hytaýa bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Ahal vilayeti ilk olarak buğday hasadını tamamladı

vepa