TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Ulag-logistika ylmy merkezi okuwa kabul edýär

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulag-logistika ylmy merkezi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça okuwa

KABUL EDÝÄR

  1. Kompýuter sowatlylygy:

I dereje (Microsoft Office

programmalary) — 3 aý;

II dereje (Adobe Photoshop,

GorelDRAW) — 3 aý;

III dereje (AutoCAD) — 3 aý;

IV dereje (Programmirleme)

— 3 aý.

  1. Rus dili:

başlangyç dereje — 4 aý;

orta dereje — 4 aý.

  1. Iňlis dili:

başlangyç dereje — 4 aý;

orta dereje — 4 aý.

  1. Buhgalter hasabynyň we telekeçiligiň esaslary — 4 aý.
  1. Ýolagçy wagonlaryň ýolbeledi — 4 aý.
  1. Lokomotiw maşinisti — 6 aý.

Okuwlara Türkmenistanyňorta we hünär bilimli raýatlary söhbetdeşlik geçirmek esasynda kabul edilýär. Okuwlar TürkmenistanyňInžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyňdöwrebap, iňkämil okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglarynda, tejribeli mugallymlar tarapyndan geçirilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen tertipde müdiriňadyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyňasyl nusgasy;

— bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 ölçegdäki alty sany fotosurat.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde, kabul ediş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamasyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Resminamalar Ulag-logistika ylmy merkezinde şu ýylyň31-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Okuwlar 1-nji sentýabrda başlanýar. Okuwy tamamlanlara şahadatnama berilýär.

Salgymyz: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgileri: 39-26-68, +993 65-03-71-73, faks belgisi: 33-53-62.

Grenlandiýa taryha siňýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle