TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Grenlandiýa taryha siňýär

Hünärmenler Grenlandiýada 28-nji iýuldan bäri howanyň hetden aşa ýokary temperaturasyny hasaba aldylar, ol 19,8 dereje ýetdi.  Bu bolsa 2 günde 16 milliard tonna buzuň eremegine sebäp boldy.

Grenlandiýa ― demirgazyk ýarym şaryň iň uly buzly sebiti, onuň  ilaty 50 müňe ýakyn.

Daniýanyň Meteorologiýa institutynyň (DMI) maglumatyma görä, ol çarşenbe güni 8,5 milliard tonnadan gowrak buzlugy ýitirdi. Eremek penşenbe güni hem dowam etdi, ýene 8,4 milliard tonna buz ýitdi. Maglumatlara görä, erän buz 2 dýum çuňlukdaky 65 758 inedördül metr meýdana eýe bolan Floridany örtmek üçin ýeterlikdir.

Daniýanyň awtonom sebitinde kürekleýiş möwsümi adatça iýundan awgust aýyna çenli dowam edýär we iýul aýynda iň ýokary derejesine ýetýär.

Umuman, Grenlandiýada geçen çarşenbe gününden bäri 40 milliard tonnadan gowrak buz eredi. DMI-nyň habaryna görä, iýun aýynyň başyndan bäri 100 milliard tonnadan gowrak buz eräpdir.

Grenlandiýada iň uly ereýiş 2019-njy ýylda bolup, möwsümiň dowamynda 530 milliard tonnadan gowrak buz ýitirilipdi diýip, BBS CNN habar berýär. Ol 2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda günüň dowamynda 11 milliard tonnadan gowrak buzy ýitiripdir.

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana gelýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maglumat

Teswirle