TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanmasy

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi täzelenip, içerki gatnawlaryň we üstaşyr ulag geçirijilik kuwwatynyň artmagyna giň mümkinçilikler açyldy.

Ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasyny gurmak köpugurly we köptaraply häsiýete eýedir. Şunda awtomobil we demir ýollary gurmak, şeýle-de suw üsti we gury ýer köprülerini gurmak ýaly işiň aýry-aýry häsiýetli görnüşleri tapawutlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna ak pata bermegi, 17-nji fewralda bolsa ýoluň bu böleginde asfaltyň ilkinji gatynyň düşelmegine badalga bermegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şatlykly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu wakalar Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän şertlerinde bu ýoluň gurluşygyna aýratyn üns berilýändigini aňladýar.

Bilşimiz ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlipdi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ezber gurluşykçy hünärmenleri ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýarlar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» II jiltlik kitabynda: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr» diýip nygtamak bilen, Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn belleýär.

Ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem girewidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumy kesgitlenen. Olaryň hatarynda: ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, esasan, ýurduň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda, ilki bilen, çykyş etmek hem-de olary durmuşa geçirmek bolup durýar.

Perhat Allamyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

 

Ankarada Türkmenistanyň baýdagy şöhlelendirildi

Ýene-de okaň

Ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti uludyr

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Teswirle