TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA Çempionlar ligasy: “Çelsi” ýeňiş gazandy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň nobatdaky duşuşyklary geçirildi. Angliýanyň “Çelsi” topary öz meýdançasynda Fransiýanyň “Lill” toparyny 2:0 hasabynda ýeňen bolsa, beýleki duşuşykda Italiýanyň “Ýuwentus” topary bilen Ispaniýanyň “Wilýareal” topary 1:1 deňme-deň oýnady.

“ÇELSI” ÖZ MEÝDANÇASYNDA ÝEŇIŞ GAZANDY

Londonda oýnalan duşuşykda “Çelsi” topary garşydaşy “Lill” toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, 16-njy martda geçiriljek jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy.

“Çelsi” toparynyň gollaryny Kaý Hawers 8-nji minutda, Kristian Pulişiç 63-nji minutda tapawutlandy.

ÇEMPIONLAR LIGASYNYŇ IŇ ÇALT GOLLARYNYŇ BIRI GEÇIRILDI

Italiýanyň “Ýuwentus” topary bilen Ispaniýanyň “Wilýareal” topary 1:1 deňme-deň oýnady.  Bu duşuşykda “Ýuwentus” toparynyň futbolçysy Duşan Wlahowiç 32-nji sekuntda tapawutlandy. Bu gol Çempionlar ligasynyň iň çalt gollarynyň biri boldy.

Mundan ozal, Çempionlar ligasyndaky iň çalt gol 15-nji sekuntda geçirilipdi. Çempionlar ligasynyň iň çalt goly 2007-nji ýylda hasaba alnypdy. Roý Makkaý “Real Madridiň” derwezesine 10,12-nji sekuntda tapawutlanmagy başarypdy.

Italiýanyň “Ýuwentus” topary bilen Ispaniýanyň “Wilýareal” toparynyň jogap duşuşygy 16-njy martda Italiýada oýnalar.

Çempionlar ligasynyň finaly 28-nji maýda Sankt-Peterburgda geçiriler.

 

Türkmenistan-Russiýa: täze ylalaşyklara gol çekildi

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle