JEMGYÝET

Üçtaraplaýyn sammit yza süýşürildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitine taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkiýäniň Prezidenti awgust aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçtaraplaýyn sammiti Türkiýe Respublikasynda adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren pajygaly tokaý ýangynlary sebäpli yza süýşürmek barada teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi düşünmek bilen kabul edýändigini belläp, türk kärdeşine hem-de doganlyk türk halkyna gynanjyny, gurban bolanlaryň ýakynlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi.

Prezidentler döwletara gepleşikleriniň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Türkmenistana geldi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy