DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Türkmenistana geldi

 Merkezi Aziýanyň – Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldiler.

Bilşimiz ýaly, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 3-nji awgustda Türkmenistana gelip, ol özüniň döwlet saparyny amala aşyrýar. Şonuň çäklerinde ol hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary ikiçäk duşuşyklary geçirerler, şeýle hem olaryň konsultatiw duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köp sanly ugurlarda ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bolar.

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuny aýlanyp gördi

 

 

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy