TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuny aýlanyp gördi

Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti bilen Aşgabat şäherinden Türkmenbaşy şäherine geldi. Täjigistanyň resmi habarlar gullugynda bellenilip geçilişi ýaly, Emomali Rahmon Türkmenbaşy şäherinde halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda Täjigistanyň Prezidentini portuň ýolbaşçylary kabul etdi. Bu ýerde Täjigistanyň Prezidentine halkara deňiz portunyň köp taraplaýyn işleri barada, hususan-da tehniki mümkinçilikleri, beýleki ýurtlar bilen amala aşyrylýan söwda gatnaşyklary we portuň beýleki ugurlary barada maglumat berildi.

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, Täjigistandan ýükleriň daşalmagynda deňiz portunyň merkez bolup hyzmat etmegi hem-de Täjigistanyň dürli harytlaryň eksport we import amallarynda portuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy babatda pikir alşyldy.

Prezident Emomali Rahmon öz ýanyndaky hökümet wekillerine Ulag ministrligine, Senagat we täze tehnologiýalar ministrligine hem-de “Täjik demirýollary” döwlet unitar kärhanasyna portuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmak babatda tabşyryklar berdi.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň barşynda ulag ulgamynda möhüm ylalaşyklaryň 3-sine gol çekildi.Olar –  Demir ýol ulagy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýolagçylaryň we ýükleriň üstaşyr daşalmagy hakynda Ylalaşygy; Nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy.

 

Awaza: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle