Sanjym işleriniň güýçlenmegi we  koronawirusyň dürli wariantlarynyň täsiriniň peselmegi bilen Ýewropadaky ençeme ýurtlarda çäklendirmeler ýatyrylmagyny dowam edýär.

Ýewropada şu wagta çenli uçarlarda agyz-burun örtügini dakmak zerurlygy dowam edýärdi. Täze gelen habara görä, 16-njy maýdan başlap Ýewropa Bileleşigine girýän döwletlerde uçarlarda örtük dakynmak zerurlygy ýatyrylmagy teklip edilýär.

Ýakynda Ýewropa awiasiýany goramak agentligi (EASA) we Ýewropa keselleriň öňüni alyş we dolandyryş merkezi (ECDC) 16-njy maýdan başlap, uçarlarda we aeroportlarda örtük dakynmagy ýatyrmagy teklip etdi. Hödürlenen teklipde dowamly keseli bolan ýa-da immuniteti pes ýolagçylaryň örtük dakynmagyna dowam etmelidikleri beýan edilýär.

 

Halk Maslahaty bilen Federasiýa Geňeşiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi