TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk Maslahaty bilen Federasiýa Geňeşiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ilkinji gezek geçirilýän bu foruma Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokarky Geňeşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa gatnaşýar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň resmi internet sahypasynda berlen habaryna görä, forumda çykyş eden Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko GDA-nyň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlykda täze sahypanyň açylýandygyny belläp, forumyň parlament hyzmatdaşlygy ulgamynda möhüm gural bolmak bilen, ýurtlaryň arasyndaky kanunçylyk edaralarynyň gönüden-göni dialog guramak hem-de möhüm meseleler boýunça pikir alyşmak netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.

Ol bu forumyň gün tertibiniň örän baýdygyny belläp, kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, sebitara hyzmatdaşlygy, lukmançylyk diplomatiýasy, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly meseleleriň girizilendigini belledi. Şeýle hem zenan parlamenterleriň gatnaşmagynda döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesine hem möhüm üns beriljekdigini mälim etdi.

Matwiýenko Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitde abadançylygyň we howpsuzlygyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy babatda toplumlaýyn ösüşleriň gazanylmagynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şeýle hem ol üstümizdäki ýylda Russiýa bilen ähli Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýylynyň bellenilýändigine ünsi çekip, geçen döwürde netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi.

Matwiýenko Russiýanyň subýektleri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýüzlerçe şertnamalaryň baglaşylandygyny, geçen ýyl Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 37 milliard dollara golaý bolandygyny belläp, sebitde rus kapitalynyň gatnaşmagynda takmynan 17 müň kärhananyň iş alyp barýandygyny belledi.

Forumyň netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň Aşgabat jarnamasy kabul edildi. Hususan-da, parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň dürli ugurlardaky kanun çykaryjy organlarynyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygyň täsirli usullaryny ösdürmek göz öňünde tutulýar.

“5+1” parlamentara forumyny yzygiderli ýagdaýda geçirmek başlangyjy bilen çykyş edildi.

Forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko tarapyndan gol çekildi.

Şeýle hem şuňa meňzeş ylalaşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň arasynda hem gol çekildi.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy.

 

 

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sylaglandy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle