TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Tut agajynyň miwesi – tudananyň peýdasy

Häzirki wagtda saz gurallary ýasamakda, ýüpek gurçugyny iýmitlendirmekde, daşky gurşawy gorap saklamakda iň bir ähmiýetli bolan köpýyllyk agaçlaryň biri tut agajydyr. Bu agajyň ata watany gündogar Aziýa hasaplanylýar. Ol Demirgazyk Amerikada we Afrikada hem ösdürilip ýetişdirilýär. Tut agaçlary XVIII-XIX asyrlarda ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmek üçin giňden ösdürilip ýetişdirilipdir.

Tuduň boýy 4-5 metre, kähalatlarda 15 metre çenli hem ýetip bilýär. Tuduň gara (“Morus nigra”) we ak (“Morus alba”) reňkli miwe berýän esasy 2 sany görnüşi giňden ýaýrandyr. Bu iki görnüşden başga-da onuň hiç hili miwe bermeýän görnüşi hem bardyr. Bu agajyň örän tagamly miwesi bar. Onuň miwesine  tudana diýilýär.

Dürli görnüşdäki tut agaçlarynyň miweleri bir-birlerinden  ulylygy, daşky sypaty, reňki we tagamy boýunça  tapawutlanýarlar. Miwäniň uzynlygy 1-3,5 santimetr bolup, ol hem tut agajynyň  görnüşlerine we sortlaryna, ösüş şertlerine baglydyr.

Tut agajynyň miwesi silindr, süýnmek – togalakrak we togalak, seýrek bolsa-da hat-da şar şekilli  hem  bolup biler. Onuň reňki ak,  gyzyl, sarymtyl,  melewşe, gülgüne we garamtyl reňklidir. Tagamy  süýji we ýakymly  turşumtyk-süýji bolýar. Onda şekeriň mukdary 20-25%-e ýetýär.

Tudana ýaz paslynda ilkinji bişip ýetişýän miweleriň biridir. Ol köpleriň esasan-da çagalaryň iň bir gowy görüp iýýän miweleriniň biridir.

Tudana köplenç buz gaýmaklara we süýjülik tortlara tagam bermekde giňden ulanylýar. Şeýle hem onuň ter we guradylan görnüşlerinden başga-da birnäçe tagamlar taýýarlanylýar. Öý hojalyklarynda tudanadan tudana baly hem ýasalýar. Onuň balyna az harajat sarp edilýändigi we taýýarlanylanda ýokary hilli bolýandygy sebäpli beýlekilerden düýpli tapawutlanýar.

Tudana guradylyp, ir-iýmiş hökmünde peýdalanylanda ondaky ýokumly witaminler ýitmeýär hem-de ony uzak wagtlap saklap bolýar. Şeýle hem ondan toşap gaýnadylýar.

Guradylan tudana içegäni arassalaýar we ganyň köpelmegine ýardam berýär.

 

SERDAROW ARÇMAN,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen  oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

Messiniň teklipleri

 

 

 

Ýene-de okaň

Ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti uludyr

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Teswirle