JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriň duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Duşanbe şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde guraldy. Milli Liderimiz bu sammite  hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Täjigistanyň resmi internet saýtyndaky habara görä, duşuşykda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Täjik Lideri ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna ietrgi berjekdigini belledi.

Duşuşykda taraplar senagat, oba hojalygy, ulag we ýük daşamak, Türkmenistanyň deňiz portlarynyň ýük daşamak üçin ulanylmagy, şeýle hem medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem goňşy Owganystandaky ýagdaý barada hem pikir alşyldy. iki ýurduň Prezidentleri Owganystandaky ýagdaýlaryň gysga wagtda parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrylmagynyň tarapdary bolup durýandyklaryny bellediler.

 

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýubileý sammitine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Türkmenistan «RES 2026 EXPO» sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aral sammitinde çykyş etdi