DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýubileý sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde “Kohi nowruz” köşgünde geçirilýän sammite – Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi onlaýn tertibinde gatnaşan sammitine Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi sammitde öz ornuny aldy.

Şeýle hem köp sanly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Mundan baş-da, bu sammite BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Hytaýyň daşary işler ministri Wan I hem-de Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow dagy gatnaşdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 20 ýyl bäri üstünlikli işleýär. ŞHG halkara hyzmatdaşlygynyň köp polýar arhitekturasynyň iň täsirli merkezlerinden biri bolup, Ýewraziýa sebitiniň howpsuzlygyny, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini we umuman halkara parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga möhüm goşant goşýar.

DUŞANBE MYHMANLARYNY GÜL BILEN GARŞYLADY

Duşanbe şäheri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammitini kabul edýär. Şonuň ýurduň paýtagty güller bilen bezeldi. Sammit üçin 8 million owadan güller ýerleşdirildi.

10-dan gowrak ýurduň Prezidenti Duşanbe şäherine geldi we žurnalistler üçin uly metbugat merkezi döredildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Duşanbe şäherine bardy

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy