Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Hyrat şäherine bolan saparynyň çäklerinde Owganystanyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Sapar Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňişleýin görnüşdäki gepleşiklerinden başlandy. Soňra hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça iş toparlarynyň duşuşyklary geçirildi.

Serhet we howpsuzlyk ugry boýunça geçirilen iş toparyň duşuşygynda  türkmen-owgan serhediniň asudalygyny gorap saklamak hem-de Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan iri ykdysady taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TOPH gaz geçirijisi boýunça geçirilen duşuşykda taraplar agzalan taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp meselelerine seredip geçdiler. Hususan-da, “Hyrat menzili” strategiýasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen duşuşykda taraplar TOP elektrik geçirijisi taslamasy, şeýle-de bu ugurdaky birnäçe uzakmöhletleýin şertnamalar boýunça pikir alyşdylar.

Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýollarynyň gurluşygy babatdaky meseleler demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça türkmen-owgan duşuşygynda taraplar iki ýurduň arasyndaky import we eksport meseleleri barada pikir alyşdylar.

 

Dünýäniň iň çalt elektrik uçary



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar