TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary işler ministri Ilia Darçiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gruzin metbugatyndaky habar görä, Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde geçirilen bu duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, ulag, energetika, logistika, syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebitleýin ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda pikir alyşdylar.

Şeýle hem, taraplar iki ýurduň ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar aralygyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekilmegi daşary syýasatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine we halkara hukuk binýadynyň gowulaşmagyna we ösdürilmegine goldaw berjekdigini aýtdylar.

Diplomatlar, duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçdiler.

 

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle