TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara

Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Bu gün Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we asyrlaryň dowamynda emele gelen halk häkimlilik däplerini alamatlandyrýan demokratik özgertmeleriň ähmiýetini açyp görkezýän sene hökmünde girdi. Mälim bolşy ýaly, 12-nji martda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleri boýunça ýokary döwlet wezipesine saýlawçylaryň köpsanly seslerine mynasyp bolan Serdar Berdimuhamedow saýlanyldy.

Bu wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäräniň hil taýdan täze taryhy şertlerde geçirilendigini bellemeli. Häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri we zähmet ýeňişleri, mähriban Watanymyzyň halkara derejesinde beýik abraýa eýe bolmagy bilen baglanyşykly işleri amala aşyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi we onuň parahatçylygyň, döredijiligiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly gadamy üçin ygtybarly binýady emele getirdi.

Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we hukuk ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler hil taýdan täze dünýägaraýyşly nesilleriň emele gelmegini şertlendirdi. Halkymyz oňyn tejribe toplamak we jogapkärçilikli raýatlyk nukdaýnazary bilen Watanymyzyň taryhynyň ösüşiniň täze tapgyryna gadam goýdy. Jemgyýetimiziň mizemez bitewüligini we agzybirligini alamatlandyran Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Täze taryhy eýýamda täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly we häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesilleriň ýetişmegi bilen baglanyşykly meseleler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly barada jogapkärçiligi öz üstünde almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynda beýan eden başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir.

Şonda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly “Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur- gaýratynyň utgaşan ýerinde bolsa, ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur!”. Türkmenistanlylar bu pikiri biragyzdan makulladylar we goldadylar. Onda halypaçylygyň asylly däpleri, döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.

Indi bolsa hut olar, ýaşlar ähli güýç-gaýratyny, bilimlerini we ukyplaryny ulanyp, aň-paýhas hem-de döredijilik kuwwatyndan peýdalanyp, möhüm döwlet wezipelerini netijeli çözmelidirler, kabul edilen uzakmöhletli maksatnamalary, geljegi uly meýilnamalary hem-de taslamalary netijeli çözmelidirler. Şol maksatnamalar bolsa Watanymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, onuň dünýä giňişliginldäki abraýyny artdyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

Owganystan Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi indiki hepde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Teswirle