TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Owganystan Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hassan Ahund Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Goňşy Türkmenistanda prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigi baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdim. Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny bu möhüm waka mynasybetli gutlaýaryn.

Şeýle hem Türkmenistanyň häzirki Prezidenti, Siziň hormatly kakaňyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirendigi we Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de dostlukly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Owganystan Türkmenistan bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ylalaşyklary we iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyr.

 

Türkmenistanyň başlangyjyna BMG-den goldaw

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Baş Redaktor

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Teswirle