TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşlikleri

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri boldy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasynda hem-de Täjigistanyň resmi habarlar gullugynyň saýtynda bellenilip geçilýär.

Gazagystanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasyndaky habara görä, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri türkmen-gazak köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürmegiň geljegi, barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň başynda goňşy döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Kasym-Žormat Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistan bilen iki dostlukly halklaryň bähbitlerine köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Taraplar Gazagystanyň we Türkmenistanyň özara söwdanyň möçberini artdyrmak, senagat, oba hojalygy, energiýa, ulag we logistika pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryny birleşdirmäge taýýarlydygyny mälim etdiler.

Şeýle hem şu ýyl hökümetara toparynyň mejlisiniň geçirilmegi babatda pikir alşyldy. Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň nobatdaky mejlisini Türkmenistanyň paýtagtynda geçirmegi goldaýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we möhüm şertnamalara gol çekmek üçin Türkmenistana sapara gelmegi bilen çagyrdy.

***

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Täjik Lideri hem söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanlary iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşmelerini geçirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek babatda ylalaşdylar.

 

Halkara okuw mekdepleri : Diplom ykrar etmek boýunça ugurlar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle