TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2022-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary gatnaşdylar.Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Döwlet Baştutanymyzyň çuň mazmunly we suratlar bilen baýlaşdyrylan täze kitabynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuň akyl ýetirilmeleriň, onuň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Kitapda biziň döwletimiziň häzirki zaman ösüşiň ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagy we pugtalandyrylmagy ýaly derwaýys meseleleri babatyndaky anyk we ýörelgeleýin çemeleşmeleri beýan edilip, sebitleýin ösüşe hem-de onuň mümkinçiliklerine baha berilýär, BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara derejesinde ykrar edilen hukuk kadalarynyň esasynda giň gerimli we özara ynam bildirilýän döwletara dialogynyň ilerledilmegi babatynda anyk teklipler hem-de başlangyçlar görkezilendir, diýip DIM-niň ýolbaşçysy belledi.Bu ýygyndynyň neşir edilmegi – zamanabap, derwaýys we aýratyn islenilen waka bolup durýandyr. Bu kitabyň häzirki zaman halkara durmuşynyň köpsanly çylşyrymly sowallaryna jogap berjekdigine, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan öz işlerinde ileri tutýan düýpli çemeleşmelerine, biziň ýurdumyzyň hereketleriň ählumumy ulgamyndaky ornuna, maksatlaryna we wezipelerine oňyn düşünmäge ýardam eder. Şu nukdaýnazardan, ýygyndy diňe bir ýörite hünärmenler, ýagny syýasatçylar, diplomatlar, bilermenler, žurnalistler üçin gyzykly bolman, eýsem daşary syýasat bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin gyzykly bolar, diýip Ministr nygtady.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagynyň aýratyn derwaýyslygyny nygtamak bilen, munuň türkmen halkynyň – türkmen diplomatiýasynyň we daşary syýasatynyň binagärine bolan ägirt uly ynamynyň hem-de çäksiz hormatynyň beýik alamaty bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle-de çärede Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Filipp Saprykin, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Talant Sultanow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmed, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan dagylar hem çykyş etdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B.Orazdurdyýewa, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewa we beýlekiler hem öz çykyşlaryny beýan etdiler.Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu eser Milletimiziň Lideriniň köpçüligiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysy bolup, onda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar hakynda ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan soraglar barada oýlanmalar öz beýanyny tapandyr. Şeýle hem täze kitaba biziň döwletimizi geljekde hem okgunly ösdürmek boýunça köpsanly teklipler girizilendir.Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabyň giň okyjylar köpçüligine türkmen döwletiniň içeri hem-de daşary syýasatynda ýetilen belent sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.Çäräniň ahyrynda tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

“Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi

 

Ýene-de okaň

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Gazagystanyň ilkinji prezident dalaşgäri

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýada iş saparynda bolýar

Teswirle