TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek  “Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi. Bu bäsleşigiň Düzgünnamasy “yashlar.gov.tm” ineternet neşirinde çap edildi.

Her ýyl geçirilýän umumydöwlet bäsleşigi iň işjeň talyplaryň ünsüni özüne çekýär. Şol sebäpden gyzlaryň köpüsi oňa bildiriş yglan edilmezden has öň taýynlyk görüp başlaýarlar. Gözellere ýaryşyň üç tapgyrynyň dowamynda öz döredijilik mümkinçiliklerini, aşpezlik ukyplaryny we el çeperçiligini görkezmäge mümkinçilik berilýär.

Başlangyç tapgyrda talyp gyzlar öz okaýan ýokary okuw jaýlarynda bäsleşer. Birinji orny eýelän ýokary mekdepleriň hersiniň ýeňijileri 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 7-nji martyna çenli Aşgabatda geçiriljek bäsleşigiň uly, jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Bäşleşige gatnaşýanlar ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden düzülen eminler toparynyň öňünde diňe bir öz gözelliklerini däl, eýsem sungata, döredijilige ukyplaryny, goşgudyr aýdymlary ýerine ýetirmek ussatlyklaryny, şeýle hem milli däp-dessurlara beletliklerini görkezmeli bolarlar.

Ondan soň gözelleriň öý hojalykçy ukyplaryna baha berler. Hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur almak bilen, gyzlar türkmeniň milli tagamy bolan unaş bişirmek üçin zerur zatlary tizden-tiz taýýarlamakda bäsleşerler.

Bäsleşigiň «Hünärim bar – hormatym bar» atly jemleýji bölüminde talyplar milli keşde çekmäge ussatlyklaryny görkezerler.

«Talyp gözeli – 2022» bäsleşiginiň ýeňijilerine we baýrakly ýerleri alanlara ýadygärlik sowgatlary berler. Şeýle hem, bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine diplomlar we hormat hatlary gowşurylar.

 

Ysraýyl sanjym bolmadyk syýahatçylary hem kabul edýär

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle