JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa iş sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary hem gatnaşýarlar.

Nobatdaky duşuşygyň maksady – 2021-nji ýylyň jemleriniň jemlenmeginden hem-de Arkalaşygyň çäklerinde netijeli özara hereketleriň ösdürilmegi boýunça geljekki hereketleriň kesgitlenilmeginden ybaratdyr. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meselelerine hem seredilip geçiler.

 

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär

Related posts

Ýüpek ýoluna ýaň salan awtoralli

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanda 1-nji sentýabrda täze mekdepler açylar

Ata Watan Eserleri