DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyla resmi sapar bilen çagyryldy

Ysraýyl döwletiniň Prezidenti Isaak Hersog hormatly Prezidentimize Täze ýyl mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Ysraýyl döwletiniň Prezidenti gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentini Ysraýyla resmi sapar bilen çagyrdy.

Bu gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Ysraýyl döwletiniň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de 2022-nji ýylda Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, saglyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlary kabul ediň.

Ysraýyl döwleti Türkmenistany öz hyzmatdaşy hökmünde garamak hormatyna eýedir we ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny gurmagy hem-de berkitmegi dowam etjekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin Sizi resmi sapar bilen Ysraýyla çagyrmaga rugsat ediň we Sizi Ysraýylda görmek uly hormat bolar.

Meniň Siziň saparyňyzyň köp ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyk etmäge mundan beýläk-de itergi bermäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

2022-nji ýylda ysraýylly diplomatlaryň Aşgabada barjakdygyna hem-de Ysraýylyň bellenen ilçisi hanym Berk Idin Kaýdyň Size ynanç hatyny gowşurjakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin. Biz Aşgabatdaky hemişelik edaramyzyň gurluşygyny dowam etmegi maksat edinýäris.

Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge biziň meýillidigimiziň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan-ABŞ: koronawirusa garşy hyzmatdaşlyk

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi