SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan-ABŞ: koronawirusa garşy hyzmatdaşlyk

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik Merkeziniň bilermenleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyk koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň häsiýetlerini öwrenmek boýunça abraýly daşary ýurt edaralary bilen gepleşikleri ýola goýmak we netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen guraldy.

Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri, COVID-19-yň öňüni alyş çäreleri boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda onuň ýurduň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtap, mundan beýläk hem ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça tejribe alyşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

 

Putinden milli Liderimize Täze ýyl gutlagy

Related posts

Käbir koronawirus çäklendirmeleri ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Deli-Aşgabat ugry boýunça halkara gatnawlar ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Dünýäde 10 milliard dozadan gowrak sanjym edildi

Ata Watan Eserleri