TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

 Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyhezretiniň doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigi bolsa, netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz  gutlag hatynda belledi we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä çykarmaga taýýardygyna ynandyrdy. Şol gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, öňe gidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

 

UEFA Çempionlar ligasy: “Çelsi” ýeňiş gazandy

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle