TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti umra haj dessurlaryny ýerine ýetirdi

Şu gün — 1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygyna baryp, umra haj dessurlaryny berjaý etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň daşary ýurda ilkinji saparyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we harby-hukuk edaralaryň ýolbaşçylary ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň ýany bilen Saud Arabystanyna ýaşulular we ak saçly enelerimiz hem gitdi. Olar howa gämisinde Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallyklaryny bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti ýaşululara we kümüş saçly enelerimize ýüzlenip, umra haj parzyny ýerine ýetirjekdiklerini, ertir Medine şäherine baryp, Muhammet pygamberimiziň metjidine baryp görjekdiklerini belläp geçdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy Jidda şäheriniň patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Saud Arabystanynyň şazadasy, Mekgäniň häkimi, ýurduň Türkmenistandaky ilçisi we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Şeýle-de Al-Haram metjidinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar mübäreklediler.

Türkmenistanyň Prezidenti we ýanyndaky wekiller umra haj parzynyň dessurlaryny berjaý etdiler.

 

 

Şu gün – Çagalary goramagyň halkara güni

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle