TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň sammitine çagyryldy

14-nji iýulda geçirilen Daşkent duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi.

Bilelikdäki Beýannamada türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän wezipeler dolulygyna beýan edilýär.

Hususan-da, taraplar ýokary we iň ýokary derejelerde ysnyşykly gatnaşyklary saklamagyň, iki döwletiň daşary syýasy işini utgaşdyrmagyň hem-de häzirki zaman howplaryna we wehimlerine bilelikde garşy durmak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Şunda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçiriljek nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň ähmiýetine-de aýratyn üns çekildi.

Resminamada Özbegistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkant şäherinde geçiriljek mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy hem öz beýanyny tapdy.

 

Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol çekildi

Ýene-de okaň

Amerikanyň işewür topary Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle