TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol çekildi

14-nji iýulda geçirilen Daşkent duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda nobatdaky saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy hem-de medeni taýdan umumylygyna, mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini üpjün etmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sapary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda strategik hyzmatdaşlygyň çäginiň giňeldilmegi üçin köp sanly ylalaşyklara gol çekildi.

Hususan-da, Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol çekilmegi Özbegistanyň Prezidentiniň hem ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Özbek Lideri suw-energetika babatdaky gatnaşyklara degip geçip, Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň üstünlikli işini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Munuň özi sebitde suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna ýardam eder. Şeýle hem taraplaryň haryt dolanyşygyny artdyrmaga, senagat taýdan ýakynlaşmagy ösdürmäge çalyşýandyklary bellenildi.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl ýük daşamagyň möçberiniň 17 göterim artandygy nygtaldy. Bu ýagdaý şu ýylda-da saklanyp galýar.

 

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ýene-de okaň

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Gyrgyz Respublikasy: Türkmenistana örän möhüm ykdysady hyzmatdaşymyz

Teswirle