DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine çakylyk aldy

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Şol hatda Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşanbe şäherindäki sammitine hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Täjigistanyň Prezidentiniň hatynda şeýle beblenilip geçilýär:

– Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy özüniň döredilmeginiň 20 ýyllygyny belleýär.

ŞHG geçen döwürde halkara giňişlikde abraýly we depginli ösýän, sebitiňtäze görnüşli birleşmesi hökmünde ykrar edilip, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine uly goşant goşýar.

Şu şanly ýylda Täjigistan Respublikasyna ŞHG-ä başlyklyk etmek hormaty nesip etdi we 16-17-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde guramanyň şanly sammiti geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi ŞHG-ä agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde, başlygyň hormatly myhmany hökmünde bu möhüm syýasy çärä gatnaşmaga uly kanagatlanma bilen çagyrýaryn.

Gadyrly dostum, Sizi Täjigistanyň gadymy topragynda mübäreklemäge tüýs ýürekden şat bolaryn.

 

Gazagystanda Internet ägirtlerine salgyt salnar

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde käbir üýtgeşmeler boldy

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Tailandaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

«Arkadag» topary «Al-Nasryň» garşysyna ak köýnekçede çykyş eder

Türkmenistanda ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary dereje duşuşyk geçiriler

BMG-niň Türkmenistandaky wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy