TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Gazagystanda Internet ägirtlerine salgyt salnar

«Google», «Facebook», «Amazon», «Netflix» ýaly internet ägirtleri 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Gazagystanda işlemek üçin ýurduň hökümetine salgyt tölemeli bolar.

Şunda «Google»-yň üsti bilen Gazagystanda harytlaryny onlaýn usulda ýerleşýän daşary ýurt kompaniýalaryna salynýan sargytlar uly orny eýelär. Çünki «Google» olaryň esasy aragatnaşyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. «Google» gözleg toruna salynjak salgyt Internetden satyn alynýan oýunlara gözegçilik etmäge hem mümkinçilik berer.

Gazagystanda Internet arkaly işleýän kompaniýalaryň ýyllyk girdejisi 2 milliard dollar möçberinde ölçenilýär. Diýmek, geljek ýyldan başlap, salynjak täze salgytlaryň hökümetiň gaznasyna täze girdejileri getirip biler.

Emeli aňyň filosofiýasy

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle